Ulanyş şertleri
Taslama (2026-10-12): hukukçy barlaýança üýtgedilip bilner.
1. Hyzmat
NokatPro (nokatpro.com.tm saýty we NokatPro programmasy) Hususy telekeçi Şihdurdyýew Didar Annamuhammedowiç tarapyndan hödürlenýär. Ulanyjylar üçin NokatPro mugt.
2. Karta we salgylar
Karta we salgylar OpenStreetMap we beýleki açyk maglumatlara esaslanýar. Käbir salgylar takmynan — olar «Takmynan» belligi bilen görkezilýär. Maglumatlaryň doly we ýalňyşsyz bolmagyny kepillendirip bilmeýäris.
3. Ýol görkezmek
Ýol görkezmek diňe kömekçi serişde. Sürüji ýol hereketiniň kadalaryny, ýol belgilerini we ýagdaýy özi berjaý edýär. Sürüp barýarka telefonda ýazmaň.
4. 001–004
Gyssagly kömek belgileri telefonyň öz jaň programmasy arkaly açylýar; jaňy siz özüňiz edýärsiňiz.
5. Biznes
Biznesiň ady, kategoriýasy, nokady, salgysy we marşrut mugt. Telefon belgisi, «Jaň» düwmesi we goşmaça mümkinçilikler — 20 manat/aý. Biznes öz maglumatlarynyň dogrulygy üçin jogapkär.
6. Gizlinlik
7. Açyk maglumat
© OpenStreetMap contributors, ODbL — Açyk maglumat.