NokatPro

Gizlinlik

Taslama (2026-10-12): hukukçy barlaýança üýtgedilip bilner. Eýesi: Hususy telekeçi Şihdurdyýew Didar Annamuhammedowiç.

Güýje girýän senesi: taslama

NokatPro (nokatpro.com.tm saýty, NokatPro Android programmasy we Google Play-däki NokatPro Lite) şahsy maglumatlaryňyzy

ýygnamazlyga çalyşýar. Hasap, at, telefon belgisi ýa-da e-poçta soralmaýar.

1. Ýeriňiz

NokatPro programmasy ýeriňizi diňe telefonda ulanýar: kartada görkezmek, marşrut gurmak we «Men şu ýerde» üçin.

Ýeriňiz telefondan diňe siz özüňiz ugradanyňyzda (SMS, «Paýlaş») çykýar. Saýt we NokatPro Lite ýeriňizi soramaýar.

2. Gözleg

Saýtdaky gözleg sorag serwerimize iberilýär. Ýerler boýunça gözleg sorag ýazylmaýar. Saýtyň sahypalary boýunça gözlegde

sene, soragyň teksti we tapylan netijeleriň sany 90 gün saklanýar; jogapsyz galan soraglar (uzyn sanlar «#» bilen

çalşylýar) we gün — 90 gün. Bu ýazgylarda IP salgy ýok we olar adam bilen baglanyşdyrylmaýar.

3. Serweriň žurnaly

Web-serwer IP salgyny, wagty, açylan sahypany we brauzeriň adyny 14 gün saklaýar — serweriň işlemegi we goragy üçin.

Görülen sahypalaryň sany şu žurnaldan IP salgy saklanman hasaplanýar.

4. Programmanyň statistikasy

NokatPro programmasy günde iň köp bir gezek gysga habar iberýär: wakanyň görnüşi (gurnaldy / açyldy), wersiýa, gün we

ýaýradyjynyň kody (programmany kimden alanyňyz, meselem SHAREit arkaly). Enjamyň belgisi, mahabat belgisi, ýer ýa-da

telefon belgisi iberilmeýär.

4a. Anonim statistika (NokatPro 1.1.307-den)

Näçe adamyň ulanýandygyny we haýsy mümkinçilikleriň gerekdigini bilmek üçin programma gysga wakalary iberýär:

programma açyldy, gözleg (diňe soragyň uzynlygy we netijeleriň sany — soragyň teksti däl), ýer açyldy (diňe guramalaryň

we görnükli ýerleriň belgisi; jaý salgysy däl), marşrut başlady / gutardy, jaň we saýt düwmesi, «Ýalňyşlygy tap»,

«Çagalar», «Biznes». Her wakada: gurnamanyň tötänleýin belgisi (ilkinji açylanda döredilýär, enjamyň belgisi däl),

wersiýa, wagt, dil, Android wersiýasy, telefonyň modeli, programmany nireden alanyňyz we welaýat (6-dan biri — takyk ýer

däl). At, telefon belgisi, hasap, takyk ýer ugradylmaýar. Ýazgylar 400 gün saklanýar. Sazlamalarda «Anonim statistika»

öçürilse, hiç zat ýazylmaýar we ugradylmaýar.

5. Size bagly ugradylýan maglumatlar

6. Diňe telefonda galýan maglumatlar

Saklanan ýerler, soňky ýollar, «Ýakyn adamlar» (at we telefon belgisi), sazlamalar — diňe telefonyňyzda. Olar bize

ugradylmaýar.

7. Paýlaşmak

Maglumatlar satylmaýar we üçünji taraplara berilmeýär. Mahabat üçin yzarlaýyş, üçünji tarapyň analitikasy ýok.

Serwer Türkmenistanda ýerleşýär.

8. Çagalar

Saýtdaky «Çagalar üçin ýol kadalary» bölümi hasap ýa-da şahsy maglumat soramaýar.

9. Siziň hukuklaryňyz

Size degişli ýazgylar barada soramak ýa-da olary pozmagy haýyş etmek üçin: info@nokatpro.com.tm.

Ýazgylaryň köpüsi 14 ýa-da 90 günden soň özi pozulýar.

10. Üýtgetmeler

Bu syýasat üýtgese, täze görnüşi şu sahypada senesi bilen goýulýar.